Daýhanlar bol hasyly ýetişdirýäler

25-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň hem-de Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 18 müň 500 tonnadan gowrak hem-de 4 müň 300 tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar. Daýhanlaryň ýetişdiren bol hasyly ýurdumyzyň gallaçylarynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba ýaşaýjylarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we ýaşaýyş-durmuşy hem-de zähmeti üçin has oňaýly şertleri döretmek, umuman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obasenagat toplumyny ösdürmek baradaky yzygiderli aladasyna mynasyp jogapdyr. Satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlaryň berilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga we has ýokary hasyl almaga gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem suw desgalarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna, öňdebaryjy agrotehnikalaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy işläp taýýarlamalara, tohumçylyk işini ösdürmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimize daýhanlar barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýetişdirilen bol hasylyň öz wagtynda we iň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynjakdygyna ynandyrdylar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilimini, güýç-gaýratyny we tejribesini gaýgyrmajakdygyny nygtadylar.